











Ýokary hil




Önümlerimiz
Doly gör
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany
Biz barada
«Türkmenbasy tekstil kompleksi» ÝGPJ-niň binalarynyň 1998-nji ýylyň ýanwar aýynda düýbi tutulyp, kärhana 2000-nji yylyň 19-nji fewralynda dabaraly ýagdaýda işe girizildi.
Toplum 230.000 mt² meýdany eýeläp, 110.000 mt² ýapyk we 70.000 mt² bag meýdanyny öz içine alýar. 3 çalşykda işleýän toplumyň düzümine egirme, dokma, örme, boýama-basma we tikinçilik fabrikleri girip, dünýä derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilendir.


Fabriklerimiz
01
Ring ýüplük
Enjamlar: Ohtori Trutzschler, Howa, Rieter, Muratec
Enjamlaryň öndürilen ýeri: Germaniýa, Şweýsariýa
Kuwwaty: 2.500 ton/ýyl — Ne 20–40 (Karde, Penýe)

02
OE ýüplük
Enjamlar: Schlafhorst, Rieter, Trutzschler
Enjamlaryň öndürilen ýeri: Germaniýa, Şweýsariýa
Kuwwaty: 6.500 ton/ýyl — Ne 8–30

03
Dokma fabrigi
Enjamlar: Tsudakoma
Enjamlaryň öndürilen ýeri: Germaniýa
Kuwwaty: 45 million mt²/ýyl

04
Örme fabrigi
Enjamlar: 9 sany RIBANA ÖRME MAŞYNLARY (Spandex/Lycra mümkinçiligi bilen): 33 sany
Enjamlaryň öndürilen ýeri: Germaniýa
Kuwwaty: 2.000 ton/ýyl

Ýokary hil kepillendirýäris
SIX SIGMA (6σ)

Önümçilikdäki kemçilikleri azaltmaga we netijeliligi ýokarlandyrmaga gönükdirilen metodologiýa, kärhananyň proseslerini yzygiderli kämilleşdirmek üçin DMAIC ulgamlaýyn çemeleşmesini ulanýar.
Önümçiligiň ähli ýerinde önümiň hiline gözegçilik edýän bölümler bar, önüm taýýar bolandan soňra hil barlagy amala aşyrylýar, «TDS» kadalaşdyryjy resminamalary hem-de sargytçylaryň hil talaplary göz öňünde tutulýar.
ISO 9001

Dünýä talaplary esasynda kompaniýanyň hil dolandyryş ulgamynyň ýokary derejesini tassyklaýan we müşderilere önümleriň durnukly hilini kepillendirýän halkara standarty.
ISO 14001

Kompaniýanyň daşky gurşawy goramaga jogapkärçilikli çemeleşýändigini we önümçiligiň tebigatа iň az zyýan bilen amala aşyrylýandygyny tassyklaýan halkara standarty.



